Azat Türkmen #231. Gyssagly! Merde garşy namart oýun…

4-nji dekabrda giçlik türkmenistanly raýat aktiwisti Mälik Allamyradow Moskwanyň eteginde işleýän ýerinden näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçyldy. Onuň nirededigi we nähili ýagdaýdadygy henizem belli däl. Mäligiň şeýle gözçykgyç jenaýatçylykly usul bilen ýitiriim edilmeginiň aňyrsynda Türkmenistanyň diktator režiminiň eli bar diýlip hasaplanylýar. Orsýetiň ýörite gulluklarynyň-da ýardamy bolmasa, köptaraplaýyn sazlaşykly gurnalan beýle hilegär we diýdimzor operasiýanyň amala aşmagyny göz öňüne getirmek-de kyn. Beýle pikir etmäge nähili alamatlar we esaslar bar? Bu gezekki gepleşigimizde biz şu meselä giňişleýin syn berýäris. ---------------------------------------- Habarlaşmak üçin biziň elektron adresimiz: azatturkmen2020@
Back to Top