Gaýgysyz Atabaýew. Türkmenistan–100! Да здравствует Свободный Туркменистан! Долой бердымухамедовых!
TÜRKMENISTAN DÖWLETI – 100 ÝAŞYNY DOLDURDY!
Gadyrly watandaşlar, bu gün, külli türkmen hem ähli türkmenistanlylar üçin deňi-taýy bolmadyk örän uly senedir. Çünki bu gün, 2024-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan Respublikasy, ýagny Täze taryhda döredilen özbaşdak Türkmen döwleti tegelek 100 ýaşyny doldurýar.
Territorial taýdan özbaşdak Türkmen döwletiniň döredilmeginiň hem-de onuň döwlet araçäkleriniň ähli goňşy halklar hem halkara guramalar tarapyndan ykrar edilmeginiň gözbaşynda duran gerçek – türkmeniň beýik ogly Gaýgysyz Atabaýewdir.
Gaýgysyz Atabaýew hakyky serdarlar neslinden bolan, asylzada hem ylymly-bilimli beýik serkerdedir. Hut Gaýgysyz Atabaýyň parasady hem öňdengörüjuligi köp asyrlara çeken dagynyklykdan soň türkmenleri XX asyrda bütewi hem milli Respublika eýe edýär.
Türkmenistan döwleti döredilende, örän çylşyrymly hem agyr taryhy döwürde Gaýgysyz Atabaýewiň iň wepaly egindeşi Nedirbaý Aýtakow bolýar. Bu iki gerçek, näçe kynam bolsa, şol döwürde türkmenleriň, okuwly-bilimli türkmenleriň agzyny birikdirmegi başarýarlar.
Türkmenistan Respublikasynyň döwlet araçäkleri bellenýän günlerde käbir garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykýar. Ozalky Buhara emirliginiň we Hywa hanlygynyň çäklerindäki antitürkmen güýçler tarapyndan goldaw hem meçew berilýän bikanun, bulagaý toparlar Amyderýadan bärik geçip, lebap türkmenleriniň ownuk tire-taýpa kethudalaryna pul, altyn-kümüş paýlap ýa-da gorkuzyp, Moskwadan gelen döwlet komissiýasynyň öňünde öz tireleriniň türkmen däldigini tassyklamagyny gazanmaga dyrjaşýarlar. Olaryň maksady – türkmeni bölmek hem özbaşdak milli respublika bolmagynyň öňüni almak. ”Gyzyl görse, Hydyr azar” diýleni, şonda lebap boýundaky ownukly-irili türkmen tire-taýpalarynyň belli bir böleginiň parahor han-begleri bütewi türkmen döwletiniň döredilmegine päsgel bermäge girişýärler.
Bu habar Aşgabada ýetende, Gaýgysyz Atabaýew, pikir soraýyşlyk geçirilende, lebap boýundaky zähmetkeş halkyň öz erkini satlyk han-beglerden çekinmezden beýan edip bilmegi üçin, şol gijäniň özünde ol ýere jogapkärli pursatda halka arka durjak adamlardan ybarat resmi topar ugradýar. Aşgabatdan iberilen wekiller ýerli zähmetkeşleriň aýgytly goldawy bilen bulagaý tire-taýpa baştutanlarynyň türkmen topragyna keseden iberilen emissarlar bilen bilelikde gurnan dildüwşüginiň öňüni alyp, olary türkmen topragyndan gaçyp gitmäge mejbur edýärler. Netijede öň Buhara emirliginde we Hywa hanlygynda asyrlarboýy ezilip gelnen türkmen tire-taýplary Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň düzümine girip, kese ýerli milli zulumdan ebedilik halas bolýarlar.
Bu epizod 1923-24-nji ýyllarda Türkmenistan döwletiniň nähili çylşyrymly şertlerde döredilendigini görkezýän iň ýönekeýje mysallaryň biridir. Her ädimde döreýän sansyz uly kynçylyklaryň bir-birden hötdesinden gelip, 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda SSSR-iň düzüminde milli Türkmenistan Respublikasy döredilýär.
Bu taryhy syýasy wezipäni amala aşyran türkmeniň beýik ogly Gaýgysyz Atabaýew şol gün öz Dogluş şahadatnamasynda Doglan güni grafasyndaky: 1-nji ýanwar senesini 27-nji oktýabr diýip düzetdirýär. Ol şonda ”Türkmenistan döwletiniň dörän güni – meniň gaýtadan dünýä inen günümdir!” diýipdir.
Türkmenistan Respublikasy göreş içinde döräp, göreşler içinde bekäp, aýaga galýar we özüniň ýaşaýşa ukyplydygyny görkezýär.
Bu beýik maksada gulluk eden Gaýgysyz Atabaýew bilen Nedirbaý Aýtakow soňra 1930-njy ýyllarda güýjän Staliniň şahsyýet kulty we tutha-tutlugy döwründe baş goýsalar-da, wepat bolsalar-da, olaryň başlan beýik işleri rowaç alyp, Türkmenistan döwleti ýaşamagyny dowam edýär. Netijede ahyrsoňy arzuwly günlere ýetilip, 1991-nji ýylyň güýzünde SSSR ýykylanda, şol wagtky partiýa ýolbaşçysy, ikiýüzli hem bulagaý Saparmyrat Nyýazowyň diş-dyrnak garşy çykmagyna garamazdan, Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygy yglan edildi.
Şeýle kynçylyklar içinde dörän hem milli garaşsyzlyga mynasyp bolan Türkmenistan bu gün 100 ýaşyny doldurýar. Mähriban watandaşlar, ähli türkmenistanlylar hem külli türkmen ili, men sizi bu şöhratly sene bilen Erkin Türkmenistan TV-Radiosynyň hem ähli demokratik milli azat ediji güýçleriň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý, biziň eziz Watanymyz Türkmenistan baky ýaşasyn! Mukaddes türkmen topragynda demokratik hukuk döwletiniň gurulmagyna goşant goşmak her bir türkmeniň, türkmenistanlynyň jana-jan borjudyr! Ýaşasyn Gaýgysyz Atabaýew bilen Nedirbaý Aýtakowyň esaslandyran mukaddes Türkmenistan döwleti! Täze taryhdaky Türkmenistan döwletiniň 100 ýyllyk toýy we Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly bolsun eziz ildeşler!
Ak Welsapar,
ýazyjy we žurnalist
2024-10-27
erkinturkmenil@
#Erkin Turkmenistan TW-Radio
#Turkmenistan
#AkWelsapar
#Azatlyk
#Erkinlik
#Adalat
#Hukuk
#GaygysyzAtabayew
#NedirbayAytakow
1 view
31
3
1 month ago 00:10:32 1
Gaýgysyz Atabaýew. Türkmenistan–100! Да здравствует Свободный Туркменистан! Долой бердымухамедовых!