Anna güni öýlän sagat 15 töweregi gara tüsse Türkmenabadyň Garaşsyzlyk etrabynyň merkezi Nyýazow şäherçesiniň ýaşaýjylarynyň ünsüni özüne çekdi. Ilat ýangyn dörändir öýtdi, emma ol ýangynyň Oba hyzmat birleşiginiň işgärleri tarapyndan edarada toplanan agyr tehnikanyň köne tigirleridir zir-zibili ýok etmek maksady bilen meýletin ýakylandygy belli boldy. Garaşsyzlyk etrap häkimliginden kän bir daş bolmadyk Oba hyzmat birleşiginiň ussahanasyndan gelýän gara tüsse şäherçäniň ýaşaýjylaryny lapykeç etdi. Hatda kä