ABŞ-DA GARRYLYGA GARŞY DERMAN TAÝÝARLAÝARLAR

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda garrylyga garşy derman taýýarlaýarlar. Garward uniwersitetiniň hünärmenleri garrylyga garşy göreşmegiň ýoluny gözlemek üçin synaglary geçirip, belli bir derejede üstünlik gazandylar. Alymlar derini ýaşardýan himiki maddalaryň alty formulasyny tapmagy başardylar. Gözleg işleri öýjükleri has ýaş ýagdaýa getirip biljek aýratyn genleriň tapylmagyna esaslanýar. Öýjükleriň garramagynyň öňüni alýan himiki birleşmeleri tapmak üçin molekulalaryň birnäçe million kombinasiýasy öwrenildi. Kesgitlenen kombinasiýalar adamlaryň we syçanlaryň öýjüklerinde synag edildi. Synaglar täsiriň bir hepdäniň içinde ýüze çykýandygyny görkezdi. Synagda ulanylýan öýjük üç ýaş kiçi boldy. Alymlar diňe bir bedeni ýaşartman, eýsem ýaş sebäpli döreýän keselleri hem ýeňilleşdirjek tehnologiýa esaslanyp, garrylyga garşy göreşjek dermany döretmäge umyt baglaýarlar. Şeýle-de bolsa, garaşsyz hünärmenleriň pikiriçe, beýle täsirli netijeleri doly ýüze çykarardan entek irdir. Sebäbi kompozisiýanyň janly organizmler bilen nähili täsirleşjekdigi we saglyga, ömre nähili täsir etjekdigi belli däl.
Back to Top