Trkmenistany gara bazarlarynda dollar rekord derej etdi

Türkmenistanyň “gara bazarlarynda” dollar rekord derejä ýetip, geçen hepdäniň aýagyndan başlap Aşgabatda bir dollar 8,50-9 manat aralygynda satyldy. Azatlyk Radiosynyň ýerli synçylarynyň maglumatyna görä, dollaryň nyrhynyň artmagy geçen hepdäniň ikinji ýarymyndan başlapdyr. “Geçen hepdäniň ortalaryna çenli dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy ençeme aýlap 7 manat töwereklerinde saklanypdy. Emma, birnäçe günden bäri dollaryň bahasy gitdigiçe artýar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi. Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistanda 2009-njy ýylda geçirilen pul reformasyndan soň, bäş ýylyň dowamynda dollaryň hökümet kursy bilen ‘gara bazardaky’ nyrhynyň arasynda hiç hili tapawut bolmandy. Ýagny, dollaryň manada görä gatnaşygy 3,50 manat derejesinde saklanypdy. Munuň netijesinde – 2009-njy ýyla çenli ozal giňden ýaýran – “dollaryň gara bazary” diýen söwda öz-özünden ýatyp galypdy. Emma, 2014-nji ýylda hökümetiň öz alyş-çalyş nokatlarynda dollar söwdasyna her dürli gadagançylyklary
Back to Top